ERKANA TÜRKMEN lagym arassalaýjy desgalar, agyz suwyny arassalaýjy zawod ýaly tehnologik prosesler bilen baglanşykly inženerçilik desgalaryň toplumyny taslamalaşdyrmagy we gurmagy amala aşyrýar.
Biziň hünärmenlermiziň başarnyklary arassalaýjy desgalary durmuşa geçirmek boýunça taslama işlerini amala aşyrmak üçin hyzmatlaryň toplumyny, şol sanda arassalaýjy desgalaryň tehnologiýasyny saýlamak we suw desgalaryndan akdyrylýan suwlaryň zyňynýan nokatlaryny kesgitlemek, enjamy satyn almak üçin tabşyryklary ýazmak, zerur bolan taslamadan öňku işleri ýerine ýetirmek, ekologiýa boýunça zerur işleriň hemmesini ýerine ýetirmek, taslamalaşdyrmak üçin tehniki tabşyrygy işläp taýýarlamak, umumy tehniki çözgütleri we eskiz taslamalary taýýarlamak, taslamany, awtorçylyk we tehniki gözegçiligi işläp düzmek üçin barlag işleri boýunça guramalary saýlamak boýunça teklipleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
ERKANA TÜRKMEN arassalaýjy desgalar boýunça taslamadan öňki we taslama çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça baý tejribesi bar. Tehnologiýalary we enjamlary üpjün ediiler bilen köp ýyllyk tejribe kompaniýa akdyrylýan hapa suwlaryň monitoring etmegiň derňew işlerini we arassalaýjy desgalaryň tehnologiýasyny kesgitlemek üçin synag işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Desgalar işlenip taýýarlananda häzirki zaman programma üpjünçilikleri we taslama usullary ulanylýar.