ERKANA TÜRKMEN kompaniýasy binagärçilik-inženerçilik taslamalaşdyrmak we gurmak pudagynda hyzmatlaryň doly görnüşlerini amala aşyrýar. Biz ýaşaýyş, jemgyýetçilik, administratiw we önümçilik maksatly desgalary döredýäris, şäher gurluşyk konsepsiýasyny düzýäris, şeýle hem interýer çözgütlerini işläp taýýarlaýarys.
Durmuşa geçirilen taslamalaryň hemmesinde gurluşyk usullarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny, materiallaryny, önümçilik tehnologiýalaryny ulanmakdan başlap, inženerçilik ulgamlaryny awtomatlaşdyrmaga çenli işler amala aşyryldy.
Kompaniýada binagärçilik-inženerçilik taslamalary we gurluşyklary amala aşyrmak üçin zerur bolan rugsatlaryň we ygtyýarnamalaryň hemmesi bar. Kompaniýanyň işinde kanuna, sebitleýin kadalara we standartlara, tebigaty goramak we ýangyna garşy talaplar berk berjaý edilýär.