ERKANA TÜRKMEN, baý tejribä we hünär endiklerine eýe bolmak bilen gurluşygyň ýokary hilini teklip etmek üçin taslamalary durmuşa geçirýär we desgalaryň her birine özboluşly çemeleşýär.
Biz iň ýokary hil standartlaryny berjaý edýän, giň, funksional we estetiki özüne çekiji binalary döretmeklige gönükdirilendiris.
Ýaşaýyş we raýat maksatly binalaryň gurluşygy – wajyp pudak bolup, ýaşaýyş, söwda, bilim we jemgyýetçilik ulanyşy üçin niýetlenen dürli görnüşli desgalary öz içine alýar. Binalary gurmak prosesi ýokary hünärleri, dykgatly meýilleşdirmegi we häzirki zaman tehnologiýalary ulanmagy talap edýär. Şowly gurluşygyň wajyp jähtleriniň biri hem taslamalaşdyrmakdyr. Tejribeli inženerler we binagärler täze taslamalary işläp düzýär, funksionallygyna, estetikligine we gurluşyk kadalaryna laýyklygyna üns bermelidir. Taslamalaşdyrmak prosesinde giňişligi ähmiýetli ulanmaga we häzirki zaman tehnologik çözgütlere üns bermelidir.
Ýokary hilli we ekologik materiallary ulanmak binalaryň berkligini we howpsuzlygyny üpjün edýär. Gurluşykçylaryň hünär iş toparlary tehniki talaplary göz öňünde tutup we gurluşyk kadalaryny berjaý etmek arkaly meseleleri ýerine ýetirýär. Ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň barlagy binalaryň uzak möhletleýin ygtybarlylygyny üpjün edýär.