ERKANA TÜRKMEN kompaniýasy taslamalaşdyrmak pudagynda size aşakda görkezilenleri kepillendirýär:
Bu pudakda işleri ýerine ýetirmek aşakda görkezilen tapgyrlara bölünýär:
daş töweregiň binalaryny we geljekde bolup biljeklerini göz öňünde tutup, taslamalaşdyrylýan çäkler derňew edilýär, şäheriň gurluşyk ýagdaýlary öwrenilýär, şeýle hem etrapdaky inženerçilik ulgamlarynyň ýerleşýän ýerleri derňew edilýär. Meýdanyň landşaftynyň aýratynlyklary, bar bolan geçelgeler, goňşy binalaryň ýerleşýän ýerleri, ýagtylygyň düşýän tarapy we klimatik şertleriň aýratynlyklary göz öňünde tutulýar.
Baryp taslamalaşdyrmagyň has irki tapgyrlarynda, işleriň ähli görnüşleri ýerine ýetirilende, taslamanyň ykdysady netijeliligine has aýratyn üns berilýär. Taslama bilen işlenende esasan Buýrujynyň maýa goýumlarynyň harajaty ödeýjiliginiň ýokary derejesi üpjün edilmelidir.
Buýrujynyň iş we özboluşly artykmaçlyklary kesgitlenýär. Tehniki ýumuş (TÝ) düzülýär we taslamalaşdyrmak üçin başlangyç maglumatlar toplanýar. Derňew etmegiň esasynda kompozision, göwrüm, reňkli çözgütler, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň konseptual taslamalary düzülýär.
Meýilleşdirilýän shemalaryň görnüşleri işlenip düzülýär. Fasadlaryň fakturalary, materiallary saýlanýar. Geljekki taslama işleri üçin esas bolup hyzmat edýän, binalaryň 3D modeli döredilýär. Taslamadan öňki teklipler toplanýar, ol adatça aşakda görkezilen maglumatlardan düzülendir: ýer böleginiň meýilnamasynyň shemasy, meýdanyň esasy meýilnamasynda ýerleşdirilen binalaryň we desgalaryň düzümi, jaýlaryň eksplikasiýaly gatlaklaýyn meýilnamalary; kesimleri, fasadlary, fasadlaryň geljekki görnüşleri (3D-wizualizasiýasy), şeýle hem taslamanyň düzümi, desganyň işleýşiniň beýany we taslamanyň tehniki bölüminiň beýany görkezilen aýdyňlaşdyrma ýazgysy. Bu tapgyryň tutuş taslamasy eskiz formata eýedir we ylalaşylandan soňra indiki tapgyra geçýär.
Taslamanyň bölümleri kadalaşdyryjy talaplara laýyklykda we ylalaşylan eskiz tasmalanyň we TÝ-nyň esasynda ýerine ýetirilýär. Bu tapgyryň çäklerinde esasy taslama çözgütleri saýlanýar. Bölümler çenden aşa giňişleýin açylmazdan anyk we düşnükli bolmalydyr. Çenlik bahasy hasaplanýar we maýa goýumlaryň netijeliligi esaslandyrylýar. Bu tapgyrda taslama esasy döwlet ekspertizasyndan we onuň üçin zerur bolan ylalaşyklaryň hemmesinden geçýär.
Bu tapgyryň taslamasy gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan giňişleýin resminamalardan düzülmelidir. Tassyklanan tapgyryň esasynda “taslama resminamasy” işlenip taýýarlanýar.
Bu tapgyrda taslama çözgütleriniň tutuş göwrüminde häzirki zaman tehnologiýalary, materiallary we inženerçilik ulgamlary ulanmak ileri tutulýar. Bu desganyň işleýän siklini optimallaşdyrmak we gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin zerurdyr.
Goşmaça şertnamanyň esasynda awtorçylyk gözegçiligi amala aşyrylýar. Ol gurluşyk işleriniň geçirilýän döwrüniň dowamynda we desganyň ulanylyşa girizilde hünärli hünärmenleriň iş topary tarapyndan geçirilýär.
.