ERKANA TÜRKMEN önümçilik kärhanalaryň, sehleriň we ammarlaryň täze gurluşyklary üçin hyzmatlaryň toplumyny amala aşyrýar.
Biziň tehnologlarymyz önümçilik kärhanalaryny, sehleri we ammarlary gurmak pudagynda iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly rejeli çemeleşilýändigi bilen tapawutlanýan tehniki çözgütleri ulanýar.
ERKANA TÜRKMEN kompaniýasynyň hünär ygtyýarlyklaryna iň netijeli tehnologiýany saýlamak arkaly taslamadan öň seljermekden we soňra taslamalaşdyrmakdan başlap, gurluşyk wagtynda kabul edilen kadalary berjaý etmäge we taslama çözgütlerini berk durmuşa geçirmäge çenli birnäçe meseleleri çözmeklige gönükdirilen önümçilik desgalary üçin inženerçilik, taslamadan öň ýerine ýetirilýän we taslama işleri degişlidir.
ERKANA TÜRKMEN kompaniýasynyň önümçilik desgalarynyň gurluşygy pudagynda esas bolup durýan ýörelgesine häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly sowatly we ýokary hilli işleri geçirmek degişlidir.
Häzirki wagtda kompaniýa önümçilik desgalaryny taslamalaşdyrmak we gurmak pudagynda öňde baryjy hünärmenlere eýedir. ERKANA TÜRKMEN kompaniýasyna önümçilik binalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamakda häzirki zaman programma üpjünçiliklerini we taslamalaşdyrmagyň häzirki zaman usullaryny ulanýan birnäçe ýokary derejeli hünärmenleri birleşdirmek başartdy.