Oba hojalyk sektory
Oba hojalyk sektory

Oba hojalyk maksatly binalar we desgalar olaryň ulanylýan maksadyna baglylykda dürli-dürlidir. Gurulýan desgalaryň hili we berkligi gurluşyk işlerini taslamalaşdyrmak we olary ýerine ýetirmek, şeýle hem olary durmuşa geçirmegiň barşyna gözegçilik etmek arkaly kesgitlenýär. Bu işler ERKANA TÜRKMEN kompaniýasynyň ýokary hünärli hünärmenleri tarapyndan şowly ýerine ýetirilýär.

Oba hojalyk – bu köp pudakly toplum bolup, maldarçylygy, ösümlikçiligi, akwa medeniýeti, çylşyrymly we şahalanan önümçilik infrastrukturany öz içine alýar. Täze gurlan ýa-da kämilleşdirilen desgalaryň her biri üçin gurluşyk işleri taslamalaşdyrylanda we durmuşa geçirilende onuň aşakda görkezilen aýratynlyklaryny hasaba almak talap edilýär:

  • -funksional niýetlenşi;
  • -arassaçylyk-epidemiologik ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmäge bildirilýän talaplar;
  • -adamlaryň ekologiýasyna we saglygyna täsir etmegiň häsiýeti;
  • -ýerleriň klimatik aýratynlygyna baglylygy we beýlekiler.

Häzirki wagtda ERKANA TÜRKMEN biziň ýurdumyzyň akwa medeniýet ýaly täze pudagy üçin taslamalaşdyrmagy we gurluşygy işjeň özleşdirýär.