Köp ugurly mekdep 340 orunlyk
Gurluşyk ýeri: Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gyzylbagyr obasy Buýrujy: Balkan welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi Mekdebiň iki gatly 340 orunlyk binasynda etrabyň çägindäki sport we köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin 340 m2 meýdanly uniwersal sport zaly we 120 m2 meýdanly gimnastika zaly, 170 m2 meýdanly uniwersal akt zaly we 200 m2 meýdanly nahar iýilýän zally giň naharhana bar. Tehniki blok aşakda görkezilenleri öz içine alýar: Türkmenistanyň gurluşyk kadalary esasynda ýerine ýetirilen bug gazan jaýy, nasos, dizel transformator, ýangyn, tehniki we agyz suwynyň rezerwuarlary.