Türkmenabatdaky halkara howa menzili şäheriň günortasyndan 7,5 km uzaklykda (şäheriň merkezinden 15 km), Aşgabat — Türkmenabat awtomagistralynyň we Aşgabat — Kerki demir ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Täze howa menziliniň toplumynda 40-dan gowrak desga bar, şol sanda ýük terminaly, VIP terminaly we ýolagçy terminalynyň binalary (4 sany uçara münmek üçin gapylary), şeýle hem uzynlygy 3800 metr, ini 60 metr bolan täze emeli uçuş-gonuş ýoly (EGÝ) bar. Ýolagçy terminalynyň geçirim kuwwaty sagatynda 500 ýolagça barabardyr. Howa hereketini dolandyrmak üçin minara, uçuşlar üçin dispetçer nokady, rully ýodalar, howa gämileriniň duralga ýerleri, dikuçar meýdançalary, ýük we ýolagçy perronlary, howa gämilerini ýangyç bilen üpjün edýän merkezi stansiýa (MÝS), ýangyç-çalgy ýag serişdeleri gullugynyň desgalary, perronda awtomatiki ýangyç dolduryş stansiýasy (AÝDS), aerodromyň suwuny aşak gönükdirýän ulgamy, demirýoluň üstünden geçýän köprüli awtoýol, ýangyç-çalgy ýag serişdelerini guýýan estakadaly demirýoly hem-de uçuşyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, howa menziliniň ýolagçylary üçin amatlylyk we howa menziliniň işgärleriniň işlemegine oňat şertler döretmek üçin howa menziline degişli häzirki zaman infrastrukturasyny döretmek üçin beýleki desgalar guruldy. Mundan başga-da bu ýerde gümrük barlag nokady, ýolagçylary bellige alýan we özbaşdak bellige alýan diregleri, gadagan edilen zatlaryň alyp geçirilmeginiň öňüni alýan elektron tehniki enjamlar bilen üpjün edilen ýük kabul ediş nokady, el ýükleriniň barlag nokady, migrasiýa barlagy ýerleşýär. Ýolagçylar üçin hyzmatlara dükanlar, ilkinji kömek otagy, enäniň we çaganyň otagy, namaz okamak üçin otag, dermanhana, çagalaryň oýnamak üçin meýdançasy, biznes-zonalar we Duty Free degişlidir. Howa menziliniň ähli binalary özboluşly we birmeňzeş binagärlik usulynda işlenip düzüldi, häzirki zaman tendensiýalar milli binagärlik elementleri we reňkler bilen utgaşdyryp bezeldi. Howa menziniň toplumyna golaý ýerleşýän meýdança abadanlaşdyrylan we gözel ösümlikler bilen bezelendir. Şeýle hem, bu ýerde ýapyk awtoulag duralgalary we jemgyýetçilik ulag duralgalary ýerleşýär. Terminala girmek üçin amatly giriş ýolunyň gurulmagy ulaglaryň ýumşak we tertipli hereketini üpjün eder. Ammar jaýly ýük terminaly ýylda 200 müň tonna ýükleri geçirmek üçin niýetlenendir. Şeýle hem, onuň içinde 25 orunlyk myhmanhana bolup, ol tranzitde bolan ekipažyň agzalary we ýolagçylary üçin niýetlenendir, olar bu myhmanhanada terminaldan çykman, öz uçar uçuşlaryna garaşýan wagtyň dowamynda amatly şertlerde dynç alyp bilerler. Ondan başga-da, howa menziliniň çäginde gurluşyk administratiw binalar, howa menziliniň işgärleri üçin lukmançylyk merkezi, 100 orunlyk myhmanhana, 100 orunlyk naharhana bilen uçaryň iýmit üpjünçiligi boýunça seh, polisiýa binasy, gümrük we sanitariýa-karantin gözegçilik merkezleri guruldy. Täze halkara howa menzili 2018-nji ýylda açyldy. Türkmenabat şäherindäki täze howa menziliniň gurluşygy “Gündogdy” HK tarapyndan ýerine ýetirildi