Kuwwatlylygy 20 000 m3/g.g. deň bolan lagym arassalaýjy desga (LAD)
Territorial ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ahal obasy Arassalaýjy desga esasy strategik wajyp desgalaryň biri bolup, etrapdaky akdyrylýan hapa suwlaryň biologik arassalanmagyny üpjün etmelidir. Bu taslama baglylykda, arassalaýjy desgany şäheriň daşynda ýöne esasy magistralyň ugrunda göniden-göni onuň ýakynynda gurmak göz öňünde tutulýar. Desganyň meýdany haýat aýlanan 275x150m ölçegli göniburçly konfigurasiýa eýedir. LAD çäginde aşakda görkezilenler ýerleşendir: administratiw bina, kompressor, transformator, nasos jaýy, ussahana, ammar, elektroliz desga, gorag jaýy, filtrasiýa binasy, hapa suwlary zyýansyzlandyryjy seh, aerotenk, öňünden arassalaýjy desga, hapany ýagy tutujy, galyndylary goýaldyjy rezerwuar, durlaýjy, kontakt rezerwuary we gaýtadan işlenen suwuň rezerwuary, toplaýjy rezerwuar, barlaghana binasy, kabul ediji kamera, gyrmançaly meýdança, gaýtadan ýuwujy suw üçin nasos jaýy. Taslamada meýdany, geçelgeleri ýagtylandyrmak göz öňünde tutulandyr we meýdançalar betonlanýar, meýdanyň galan böleklerine bolsa agaç ekilýär.