Kuwwatlylygy 10 000 m3/g.g. deň bolan lagym arassalaýjy desga (LAD)
Territorial ýerleşýän ýeri: Mary welaýatynyň Ýolöten etraby. Mary welaýatynyň Ýolöten etraby üçin öndürijiligi bir gije-gündizde 10 000 bolen Lagym arassalaýjy desgasyny gurmak üçin bölünip berlen ýer Ýolöten şäheriniň günorta-günbatar böleginde ýerleşendir. Meýdan haýat aýlanan 275x150m ölçegli göniburçly konfigurasiýa eýedir. Zawodyň çäginde aşakda görkezilenler ýerleşendir: administratiw bina, kompressor, transformator, nasos jaýy, ussahana, ammar, elektroliz desga, gorag jaýy, filtrasiýa binasy, hapa suwlary zyýansyzlandyryjy seh, aerotenk, öňünden arassalaýjy desga, hapany ýagy tutujy, galyndylary goýaldyjy rezerwuar, durlaýjy, kontakt rezerwuary, gaýtadan işlenen suwuň rezerwuary, 2х60m3 ölçegli ýangyna garşy rezerwuar, gyrmançaly meýdanlar, filtrleriň meýdanlary. Meýdan oturgyçlar we zibil sebetleri bilen abadanlaşdyrylýar we mümkin boldugyça agaç ekilýär.