Tirana balygy köpeltmek we işbillerini çykaryp almak, şeýle hem balyklary gaýtadan işlemek boýunça kärhana
Territorial ýerleşýän ýeri: Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etraby. Taslamanyň esasy: balyklaryň tirana tohumaryny we işbilleri köpeltmek, şeýle hem içki bazaryň islegini kanagatlandyrmak üçin ýokary tehnologik enjamlary ulanmak arkaly Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde Hazar deňziniň kenarynda balyk önümlerini gaýtadan işlemek we soňra eksport etmek boýunça soňra häzirki zaman kärhanany gurnamak. Öndürilýän önümleriň görnüşi – balyklaryň tirana tohumlary we işbilleri, şeýle hem konserwa önümi. Taslamanyň maksady – içki bazary ilat üçin ýerlikli boljak nyrh bilen balyk önümleri bilen doly üpjün etmek, soňra eksport etmek. Balyk zawodynyň meýdany Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär. Meýdan 300.00 x185.50 m umumy ölçegli göni burçly konfigurasiýa eýe bolup, territoriýanyň zolagy haýat bilen goralandyr. Kärhananyň çäginde aşakda görkezilenler ýerleşendir: tirana balygyny we işbilleri köpeltmek boýunça esasy seh, balyk önümlerini konserwirlemek boýunça seh, administratiw bina, bug gazan jaýy, geçelge, suwy arassalaýjy konteýnerleriň aşagyndaky meýdança, transformator jaýy 1-2, 2х1500m3 ölçegli deňiz suwynyň rezerwuary, 2х700 m3 ýangyna garşy rezerwuar, 250m3 hojalyk zerurlyklarynyň rezerwuary, 2х400m arassalanan deňiz suwynyň rezerwuary, dezinfeksiýa posty, 550 m3 akdyrylýan tehnologik suwlaryň rezerwuary we 45m3 akdyrylýan hapa suwlaryň rezerwuary, 1 awtomaşyn ýangyn posty. Zawodyň territoriýasy oturgyçlar we zibil sebetleri bilen abadanlaşdyryldy we mümkin boldugyça agaç ekildi. Gurluşyk meýdanyny dikligine meýilleşdirmek çözgüdi – üstki suwy aýyrmagy üpjün etmegi, ulaglaryň we ýolagçylaryň rahat hereketini we meýdanyň umumy meýilnama belligini aşakda ýatan ýoluň derejesine çenli galdyrmagy göz öňünde tutup, gurulýan binalara bildirilýän talaplaryň tebigy relýefini özgertmeklige esaslanýar.