Kuwwatlylygy 50 000 m3/g.g. deň bolan agyz suwyny arassalaýjy zawod
Territorial ýerleşýän ýeri: Lebap welaýatynyň Sakar etraby. Stansiýanyň esasy maksady: suwy arassalamak, Sakar we Saýat etraplaryny, Sakar we Saýat etraplarynyň obalaryny, şeýle hem Serdarabat etrabynyň günorta-gündogar bölegini ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek. Taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy we Ýewropa standartlaryna laýyklykda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça “Baş Maksatnamanyň” programmasy esasynda bar bolan ilatly nokatlary ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmäge esaslanandyr. Administratiw gatnaşykda Suwy arassalaýjy desganyň (SAD) meýdany Sakar we Saýat etraplarynyň serhedinde ýerleşýär. Desgany gurmak üçin bölünip berlen ýer oba hojalygyna degişlidir. Meýdanyň gündogar tarapynda suwuň çeşmesi bolan Kul-Aryk suwaryş kanaly bar. Meýdan 600×250 ölçegli göniburçlyk şekiline eýedir. Meýdanyň perimetri boýunça gözegçilik zolagyny (işleriň gözegçilik etmek üçin trop, gorag signallamasy, şeýle hem gorag telewideniýasy) gurnamagy göz öňünde tutup, iki hatarlyk germew ýerine ýetirilendir. Zawodyň meýdanynyň çäginde iki girelge we çykalga gurnama göz öňünde tutulýar. Esasy geçelge demirgazyk-günbatar tarapda. Agyz suwuny arassalamak boýunça zawodyň çäginde aşakda görkezilen desgalar ýerleşendir: eltiji kanal, 250 müň m3 sygymly durlaýjy, çuň arassalaýjy gözenekli bina, 1-nji göterişli nasos stansiýasy, kaskad aeratory, Actiflo ýagtylandyryjy desgalaryň we tiz filtrleriň binasy, arassa suwuň rezerwuarlary, arass suwuň rezerwuarlary üçin siňdiriji-filtrler, 2-nji göterişli nasos stansiýasy, natriý gipohloridini taýýarlaýjy bina, reagent hojalygy, çökündiji jebislendiriji, çökündileri guradyjy seh, ussahanaly garaž, administratiw-jemagat korpusy, awtomat dizel elektrik stansiýaly ýapyk transformator podstansiýasy, bug gazan jaýy, geçelge, ýerli lagym arassalaýjy desgalar, çökündileri guradyjy meýdanlar, gulluk awtomobilleriniň duralgasy üçin telär. Binalar we desgalar meýdanda zawodyň kadaly işlemegini üpjün edýän tehnologik talaplary göz öňünde tutup ýerleşdirilendir. Binalaryň we desgalaryň her biri üçin gaty örtükli ýollary gurnamak göz öňünde tutulandyr. KPP, ABK binalary, gulluk awtomobilleri üçin ýapyk duralgalar we ussahanaly garažlar kärhananyň firma belgisi goýlup bitirilen stela agdyklyk edýän elemendi bolan meýdany emele getirer ýaly edip ýerleşdirilendir. Abadançylygyň ýokary derejesi, agaç ekmek gurşawyň binagärçiligini gurnamagyň häzirki zaman talaplaryny berjaý etmelidir we desganyň rahat iş şertlerini döretmelidir.