Balkan welaýatynyň köpçülikleýin kitaphanasy
Balkanyň welaýatnyň kitaphanasy – Balkanabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň pudaklaýyn kitaphanasydyr. Ol 2014-nji açylyp Balkan welaýatynyp iň uly kitaphanasydyr. Binanyň beýikligi 45 metre deňdir. Binanyň öň tarapy açyk duran kitap şekiline eýedir. Kitaphana 600 okaýjy üçin niýetlenendir. Bu ýerde bäş sany okalga zaly, 125 otunlyk maslahat-zaly, internede baglanýan kompýuter otaglary bar. Ýokarky gatynda linzasynyň diametri 0,8 metr bolan teleskop gurnalandyr. Kitaphanalaryň toplumy 12 müň 150 kwadrat metr ýeri eýeleýär, onuň düzümine aşakda görkezilenler degişlidir: naharhana, lukmançylyk nokady, kitap magazyn, zerur bolan kömekçi jaýlar we inženerçilik-hojalyk infrastrukturalary.