Jebel halkara howa menzili - Türkmenistanyň Balkan welaýatynda gurulýan halkara howa menzilidir. Bu ýurdumyzyň alty sany halkara howa menziliniň biridir. Howa menzili Balkanabat şäherinden demirgazyk-günbatara tarap 20 kilometrlik aralykda we “Mollagara” şypahanasyndan 4 kilometr uzaklykda gurulýar. Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygy boýunça tender 2020-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan yglan edildi. 2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda sagatda 100 ýolagça hyzmat edip bilýän geljekki howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 2024-nji ýylyň fewralyna çenli döwürde transformator beketiniň, ýörite suw howdanynyň hem-de ýangyn howpsuzlyk gulluklary üçin niýetlenen binanyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda boldy. 35 metr beýiklikdäki dispetçer gulluklarynyň işgärleri üçin diň hem-de beýleki tehniki desgalar guruldy. Howa menziliniň meýdany 275 gektara barabar bolar. Bu ýerde ýolagçy we ýük terminaly, dispetçerlik nokady, halas ediş we ýangyn söndüriji gulluklaryň binalary ýerleşer. Uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3200 metr bolar. Perrona bir wagtyň özünde 6 sany uçaryň we 4 sany dikuçaryň ýerleşmegi göz öňünde tutulýar.