ÝSÜD üçin enjamlaryň önümçiligi
ÝSÜD üçin enjamlaryň önümçiligi

Ýapyk suw üpjünçilik ulgamlarynda balyklary ýetişdirmek önümçiligiň intensifikasiýasynyň iň ýokary ýagdaýy bolup, ol suwy minimal sarp etmek arkaly balykly suwly sygymlaryň birlik meýdanynda ýa-da göwrüminde maksimal önümi almaga mümkinçilik berýär. Önümçilik desgalaryny ýapyk jaýlarda ýerleşdirmek etrabyň klimatik şertlerine, kärhananyň ýerleşýän ýerine we uly suw çeşmeleriniň bardygyna bagly bolmazdan ýylyň dowamynda netijeli önümçiligi üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Arassa suwuň sarp edilýän göwrüminiň az bolmagy daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga mümkinçilik berýär.

Ýapyk suw üpjünçilik desgalaryny (ÝSÜD) gurnamagyň ýörelgesi.

“Ýapyk suw üpjünçilik desgasy” ady gönimel manysynda suwuň doly regenerasiýasyny we balykly suwly sygymlaryň suw üpjünçilik maksatlary üçin ony hemişelik ulanmagy göz öňünde tutýar. ÝSÜD-da akdyrylýan hapa suwlar bolmaly däldir. ÝSÜD-nyň enjamlarynyň toplumy tarapyndan aşakda görkezilen işler amala aşyrylýar:

  • - balyklaryň ýetişdirilýän prosesinde suwlary organiki hapalardan doly arassalamak;
  • - suwuň himiki, şol sanda gaz düzgünlerini dikeltmek;
  • - ony desgalaryň kultiwasiýa derejeleri üçin ýeterlik we howpsuz bolan arassaçylyk ýagdaýynda saklamak;
  • - önümçiligiň maksimal netijeliligi üçin zerur bolan temperatura düzgünini üpjün etmek.

ERKANA TÜRKMEN balyklaryň senagat jynslaryny, şol sanda tirana balyklaryny ýetişdirmek üçin ÝSÜD-nyň ulgamlaryny ýasamak, gurnamak we işletmek bilen meşgullanýar. Enjamlaryň hemmesi: howdanlar, barabanly we bio filtrler, oksigenatorlar, flotatorlar, UF-zyýansyzlandyryjylar we başga-da köpüsi kompaniýanyň önümçilik meýdançasynda ýasalýar, ol önümleriň her birine hil kepilligini bermäge mümkinçilik berýär.

ÝSÜD ulgamynyň enjamlarynyň esasy komponentleri. ÝSÜD-nyň esasy shemasy aşakda görkezilen elementlerden düzülendir:

  • - balykly suwly sygymlar (howdanlar);
  • - balykly suwly howdanlara suwy goýbermek we akdyrylýan hapa suwlaryň akymyny arassalaýjy ulgamlara goýbermek üçin ildirgiçli we sazlaýjy armaturaly turbageçirijiler;
  • - aýlaw suwlary mehaniki arassalaýjy enjam;
  • - suwy aerob biologik arassalaýjy enjam;
  • - suwy biologik arassalaýjy enjamlardan soňra gurnalýan ikinji mehaniki filtrler;
  • - aýlaw suwy zyýansyzlandyrmak ýa-da bakterial tohumlylyk derejesini pesetmek üçin enjam;
  • - aýlaw suwlarynyň aerasiýasy ýa-da oksigenasiýasy üçin enjam;
  • - sazlamak üçin enjam;
  • - arassa suwy goýberiji ulgam;
  • - termo sazlaýjy ulgam (gyzdyryjy ýa-da sowadyjy);
  • - barlaýjy-sazlaýjy gurallar.