ERKANA TÜRKMEN balyk iýmleriniň önümçiligi boýunça kärhanalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar.
Ýapyk suw üpjünçilik desgalary (ÝSÜD) üçin iýmlerde balyklar üçin gerekli bolan ähli zatlar bar. Iýmler gomogenizirlenendir we has ýeňil we peýdaly şekilde özleşdiriler ýaly granula görnüşinde toplanandyr. Şol sebäpli hem, balyklary ýaşaýan döwrüniň dowamynda şol bir iým bilen iýmitlendirýärler, ony diňe ösüşiň bir tapgyryndan beýlekisine geçilende üýtgetýärler: kiçileri başlangyç iýmler, harytlyk balyklary – harytlyk iýmler, ene sürileri – ene sürileri üçin ýörite iýmler bilen iýmitlendirilýär.
Balyk iýmlerini öndürmegiň yzygiderligi ekstrudirlemek ulgamyna esaslanýan häzirki zaman tehnologiýalary göz öňünde tutup amala aşyrylýar. Çig mallar agramyny ölçemek, garyşdyrmak, ekstrudirlemek, guratmak, wakumda ýaglamak, sowatmak we gaplamak ýaly tehnologik proseslerden geçýär. Şeýle desgada dürli şekilli we ölçegli çümýän, haýal çümýän we ýüzýän iýmler öndürilip biliner.
Ekstruder täze görnüşli seýrek duş gelýän iýmleri öndürmäge mümkinçilik berýär, “ekstrudirlenen iýmler – bu ekologik taýdan arassa, doly özleşdirilýän iým bolup, oba hojalyk mallary, guşlary we öý haýwanlaryny iýmitlendirmek üçin beloklaryň we witaminleriň ýokumly häsiýetnamalaryny saklamak arkaly dürli görnüşli çig mallardan öndürilýär.
Ekstrudirlenen iýmleriň artykmaçlyklary:
Arzan biologik taýdan howpsuz iýmleri öndürmegiň toplumlaýyn, galyndysyz tehnologiýasy maldarçylyk kärhanalaryna we balyk hojalyklaryna wajyp bäsdeşlik artykmaçlygyny döredip berýär.