ERKANA TÜRKMEN ÝSÜD-da balyklary ýetişdirmek boýunça kärhanalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek bilen meşgullanýar.
Balyk adam iýmitleriniň içinde wajyp orny eýeleýär, ol gymmatly beloklaryň, ýarym doýgun däl ýag kislotalarynyň, witaminleriň, mineral we ekstraktiw maddalaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Baryp 60 ýyldan gowrak wagt bäri döwürde bütin dünýäde iýmitlik balyklarynyň sarp edilşiniň ösüş depgini ep-esli ýokarlandy.
Häzirki wagtda, akwa medeniýetiň we innowasiýa usullaryň ösmegi ýerli bazarlaryň isleglerini kanagatlandyrmaga ýa-da balyk gorlaryny artdyrmaga (akwa medeniýete esaslanan balyk hojalygy we deňiziň otlag akwa medeniýeti) gönükdirilendir. Akwa medeniýetiň inženerçilik-taslama üpjünçilik pudagyndaky esasy innowasiýalara ÝSÜD-ny taslamalaşdyrmak we akwa medeniýetde iýmleriň önümçiligi üçin inženerçilik çözgütleriň giň toplumy degişlidir.
ÝSÜD-nyň artykmaçlyklaryna aşakda görkezilenler degişlidir: hapalanan senagat suwlaryny aýyrmak zerurçylygy ýok; öndüriji satyn alyjylar tarapyndan talap edilýän ekologik taýdan arassa önümi ýetişdirip bilýär; suwuň düzümine gözegçilik edilýär – bu bolsa sagdyn balygy ýetişdirmegiň mümkinçiligidir, bu tebigy suw howdanlarynda seýrek duş gelýär. Tejribede ÝSÜD bütewi ulgama halkalanan balyklary mehaniki we biologik arassalamagy, zyýansyzlandyrmagy, temperatura durnuklylygyny, kislorod bilen doýgunlaşdyrmagy öz içine alýan, balyklary ýetişdirmek üçin sygymdan we suwy taýýarlaýjy ulgamdan düzülendir. ÝSÜD-da balyklary ýetişdirmek balykdan harytlyk önümleri almagy, tebigy we emeli suw howdanlarynda balyklaryň gorlaryny artdyrmagy we balykdan ýasalan iýmit önümleriniň hillerini gowulandyrmagy; suwly biologik resurslary gaýtadan dikeltmegi (şol sanda, balykçylygy saklamagy we öwezini dolmagy) üpjün edýär.